Tähran duşuşygynyň jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekildi

15 Iýun 2022
990

Şu gün Tähranda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

«Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüniň eýwanynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Eýrana nobatdaky saparynyň çäklerinde möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

«Türkmenistan»
Tähran ş.