Işjeň hyzmatdaşlygyň oňyn netijesi

18 Iýun 2022
738

Türkmenistan dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soňra dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň biri bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň bölümleri bilen hem hyzmatdaşlygyny giň gerim bilen ösdürip başlady. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygy-da ýylsaýyn işjeňleşýär. Ol 1946-njy ýylyň 11-nji dekabrynda döredildi. ÝUNISEF-iň işi bütin dünýäniň çagalarynyň hukuklaryny goramaga we olary goldamaga bagyşlanandyr. Onuň esasy maksady çagalaryň jynsyna, dini ynanjyna garamazdan olaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak bolup durýar. ÝUNISEF şeýle hem hökümetlere çagalaryň talaplaryny hemme taraplaýyn kanagatlandyrmak boýunça meýilnamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamaga kömek berýär. ÝUNISEF onlarça milli komitetler we 190-a golaý hökümete degişli däl guramalar bilen özara hyzmatdaşlyk edýär.

ÝUNISEF-iň serişdeleriniň çeşmesi hökümetleriň, şeýle hem şahsy donorlaryň meýletin tölegleridir.

Kuwwat JUMALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.