Dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

15 Iýun 2022
668

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bir sagatdan gowrak wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Hormatly Prezidentimiziň awtomobil kerweni howa menzilinden «Saadabad» köşkler toplumynyň «Serwestan» binasyndaky sapar wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady. Dag eteginde, Tähranyň demirgazygyndaky ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän bu toplum Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynyň iň gözel ýerleriniň biridir.

«Aşgabat».