Şan-şöhratly Diýarym

15 Iýun 2022
614

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetini has-da kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini rowaçlandyrmak üçin gije-gündiz taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda her bir günümiz buýsançly wakalara, şöhratly senelere beslenýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine uly ähmiýet berip, alyp barýan iňňän öňdengörüjilikli, oýlanyşykly ynsanperwer «Açyk gapylar» daşary syýasaty dünýäde dabaralanýar we ýurdumyzyň abraý-mertebesini barha beýgeldýär. Dünýäniň çar künjünden, hususan-da, ýurdumyzyň strategik derejede hyzmatdaşlyk edýän iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasyndan yzygiderli hoş habarlar gelip gowuşýar.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.