Türkmen tebigy gazy «swop» görnüşinde üçünji ýurtlara iberiler

15 Iýun 2022
812

Şu gün geçirilen ýokary derejeli Tähran duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gazy «swop» görnüşinde ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň degişli edaralaryna gazyň «swop» boýunça üçünji ýurtlara iberilmegini öwrenmegi teklip etdi. Munuň özi energetika ugurly türkmen-eýran hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açar.

Ýeri gelende nygtasak, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekilen üçtaraplaýyn «swop» şertnamasy 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hereket edip başlady. Şertnamada Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi göz öňünde tutulýar. «Swop» iki tarapyň arasynda ylalaşykda görkezilen şertlere laýyklykda, geljekde tölegleri alyş-çalyş etmek baradaky şertnamadyr. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda ABŞ-nyň maliýe bazarlarynda peýda bolup başlan «swop» şertnamalarynyň maksady aktiwleriň gurluşyny wagt ýa-da hil taýdan gowulandyrmakdan, göterim derejeleriniň we walýuta hümmetiniň, şeýle-de çykdajylaryň ýaramaz üýtgemeginiň töwekgelçiligini azaltmakdan, girdeji gazanmakdan ybaratdyr.

«Türkmenistan»
Tähran ş.