Ulag boýunça türkmen-eýran hökümetara toparyny döretmek teklip edildi

15 Iýun 2022
786

Şu gün Tähranda Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek teklibini öňe sürdi. Onuň maksady Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ägirt uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli duşuşykda: «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny gysga wagtda durmuşa geçirmek üçin tagallalarymyzy güýçlendirmeli diýip pikir edýärin. Mälim bolşy ýaly, bu taslama Hindistan we Gazagystan hem resmi taýdan goşuldy» diýmek bilen, iki ýurduň arasynda pandemiýa zerarly azalan awtomobil ulaglarynyň gatnawlaryny ýola goýmaga girişmegiň hem-de päsgelçilikleridir çäklendirmeleri aradan aýyrmak boýunça özara düşünişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

«Türkmenistan»
Tähran ş.