Türkmenistan – Russiýa Federasiýasy: strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlylyk

17 Iýun 2022
845

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna bu sapary strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de dostluk, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda ädilen nobatdaky ädim boldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Uly Kreml köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary birek-birek bilen dostlukly salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.