Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ruhy lideri bilen duşuşdy

15 Iýun 2022
902

Şu gün iki günlük resmi sapar bilen Tähranda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykarmak ugrunda tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Beýik ruhy lideri bilen duşuşygynyň dowamynda nobatdaky saparyň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra, Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparydygyny belläp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, energetika we ulag hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup, şu babatdaky kuwwatlyklary netijeli peýdalanmak, halklarymyzyň dostlugyny has-da pugtalandyrmak üçin medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr.

«Türkmenistan»
Tähran ş.