Dost­luk­ly gat­na­şyk­lar ber­ki­dil­ýär

18 Iýun 2022
759

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä ýurt­la­ry, şol san­da goň­şy döw­let­ler bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň go­laý­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na hem-de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na üs­tün­lik­li ama­la aşy­ran res­mi sa­par­la­ry hem mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen­den soň­ra il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­ny Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan baş­la­ma­gy, sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin ta­ra­pyn­dan bu ýur­duň ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy­nyň — «Dost­luk» or­de­ni­niň gow­şu­ryl­ma­gy gat­na­şyk­la­ryň köp­ýyl­lyk ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne, deň­hu­kuk­ly­ly­ga hem-de öza­ra bäh­bit­li­li­ge, dost­lu­ga esas­lan­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga örän uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek äş­gär et­di.

Rus Li­de­ri­niň nyg­taý­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu sy­la­ga döw­let Baş­tu­tan­ly­gy­na saý­lan­ma­gyn­dan ozal hem, dür­li we­zi­pe­ler­de iş­län dö­wür­le­rin­den bä­ri iki ýur­duň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na go­şan uly şah­sy go­şan­dy üçin my­na­syp bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Goý, bu ýo­ka­ry sy­lag türk­men-rus stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň, ýurt­la­ry­my­zyň we döw­let­le­ri­mi­ziň dost­lu­gy­nyň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy­nyň hem-de hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mi­ze­mez­li­gi­niň ýe­ne-de bir ny­şa­ny bol­sun!» di­ýen söz­le­ri hal­ky­my­zyň Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za bo­lan gu­wan­jy­ny hem buý­san­jy­ny has-da art­dyr­dy.

Al­tyn KÖ­PIK­LI­ÝE­WA,
Kö­ne­ür­genç şä­he­ri­niň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 8-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.