Gaýrasy Arkaçdyr, ilersi Eýran

17 Iýun 2022
678

14-15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen dostlukly Eýran Yslam Respublikasynda boldy

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: «Gaýrasy Arkaçdyr, ilersi Eýran» diýip ýazan Eýran döwleti bilen biziň ýurdumyz dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň Eýrana şu gezekki saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar iki goňşy döwletiň, olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine alnyp barylýan deňhukukly, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.

"Nesil".