Dostluk daragtynyň datly miweleri

17 Iýun 2022
698

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary dünýä döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary ösdürmekdäki we pugtalandyrmakdaky tagallalaryň geriminiň barha giňelýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu taryhy sapar iki dostlukly ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da ilerlemeginde uly ähmiýete eýe bolup, ol üstünlikli geçirilen gepleşikleriň mizemez dostluk däplerine esaslanýan giň möçberli hyzmatdaşlygyň taryhyny täze möhüm wakalar bilen baýlaşdyrdy.

Pikir ummanynda guwwas kimin ýüzüp, «dostluk» diýen keremli sözüň manysyny içgin tireniňde, bu mübärek jümlä ýurdumyzda goýulýan sarpanyň nusgalykdygyna göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary we ýöredýän öňdengörüjilikli hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeýär. Bu bolsa Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýagmyr NURYÝEW,
«Diýar» žurnalynyň baş redaktory.