Tähran duşuşygy: VI Hazar sammitine taýýarlyk güýçlendirilýär

15 Iýun 2022
763

Şu gün — 15-nji iýunda geçirilen Tähran duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar gün tertibiniň möhüm meselelerine ünsi çekmek bilen, olaryň şu ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitinde hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýranly kärdeşi Seýed Ebrahim Raisini bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň dowamynda: «Biziň Eýran bilen özara hyzmatdaşlygymyzda Hazar deňzini parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ylalaşdyryjylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňişligine öwürmek möhüm ýagdaý bolup durýar. Bu ugurda, hususan-da, soňky ýyllarda köp işler geçirildi: Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda taryhy Konwensiýa gol çekildi, dürli ugurlarda birnäçe ylalaşyklar we şertnamalar gazanyldy» diýmek bilen, käbir anyk teklipleri öňe sürdi.

«Türkmenistan»
Tähran ş.