Telekeçilige — giň ýol!

15 Iýun 2022
598

Bähbitli işleriň miwesi

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açylyp, türkmen telekeçilerine öndürmäge, gurmaga, ilata dürli hyzmatlary edip bermäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan welaýatymyzyň telekeçilerem il-gün bähbitli netijeli işleri bitirýärler. Hususyýetçilerimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde halkyň ýokary hilli harytlara we önümlere bolan isleginiň has doly kanagatlandyrylmagynda gowy görkezijiler gazanylýar.