Serdar Berdimuhamedow türkmen-eýran parlamentara duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi

15 Iýun 2022
790

Şu gün — 15-nji iýunda günüň ikinji ýarymynda Tähranda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen gepleşikleri geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň degişli agzalary hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda döwlet Baştutanymyz jenap Mohammed Bager Galibafa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we ony ýakynda Eýran Yslam    Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.

«Türkmenistan»
Tähran ş.