"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

It — wepa

 (Bolan waka) It — öz eýesine diýseň wepaly jandar. Uzak öri meýdanynda öňräk bolup geçen bu waka itiň wepalylygyny ýene bir gezek subut etdi.

Tarypa mynasyp alabaýlar

Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwleti ozal görlüp-eşidilmedik eýýama ― milli mirasyň we däp-dessurlaryň galkynýan eýýamyna gadam basdy» diýip nygtaýşy ýaly, eziz Watanymyz Türkmenistanda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Çünki ata Watanymyzyň çäginde ýerleşýän arheologik ýadygärliklerden tapylýan gymmatly tapyndylar ýurdumyzyň şöhratly taryhyny ýüze çykarmaga şert döredýär. Ata-babalarymyz alabaý itini maldarçylyk durmuşynda sürä goragçy, mallara esewançy hökmünde öz ýakyn hemrasyna öwrüp gelipdir. Ýyllaryň geçmegi bilen türkmen alabaýy tohum taýdan has kämilleşip, saýlama itleriň hataryna goşulypdyr. Alabaý itleri soňabaka sungat eserlerinde hem özboluşly beýana eýe bolupdyr. Ýurdumyzyň taryhy künjeklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylýan heýkelleriň arasynda türkmen alabaýynyň hem şekiliniň bolmagy halkymyzyň bu wepaly jandar bilen durmuşynyň berk baglanyşyklydygyny äşgär edýär.

Bedewler hemişe toýda çapylsyn...

Bedew ata bolan söýgi milletimiziň aňynda, arzuwynda, düýp ykbalynda bar bolmaly. Paýhasly pederlerimiz aty bilen älemleri aýlanypdyr, aga-ýana döwran sürüpdir, durmuşyň iň ýowuz synaglaryndan serini dik tutup geçipdir. At üstünde bolmak hemme döwürlerde-de türkmenlerde deňli-derejeli ýaşamagyň, mertebeli döwran sürmegiň alamaty diýlip kabul edilipdir. Göreniň nazaryny özünde egleýän, bakanyňda gözüňi dokundyryp, göwnüňi ganatlandyrýan dal bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň diýseň inçe, hysyrdyly hem synagly ýolunyň bardygyny ýaşuly seýisleriň berýän gürrüňlerinden hem kemsiz göz ýetirmek bolýar. Milletimiz bu inçe senedi asyrlaryň akabasynda sünnäläp, onuň kämil mekdebini kemala getiripdir.

Halkyň ebedi mirasy

Türkmeniň gapysyny onuň ahalteke bedewinden we edermen, wepaly alabaýyndan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gözellikde, ýyndamlykda ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şanyna toýlanýan Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaralar özboluşlylygy bilen ýokary ruhubelentlige beslenýär. Häzirki döwürde

Bagt mukamy Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat gysga wagtyň içinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde giňden tanalýan baş şäherimiz gözel künjekleri — seýilgähleridir ak mermere beslenen binalary, medeni-durmuş maksatly täsin desgalary, ähli şertleri özünde jemleýän ýaşaýyş toplumlary bilen görenleri haýrana goýýar. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesi, «Ylham», «Arkadag», «Aşgabat», «10 ýyl Abadançylyk», «Garaşsyzlyk» seýilgähleri, «Berkarar», «Bagtyýar», «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezleri, Janly tebigatyň milli muzeýi we beýleki birnäçe medeni-durmuş maksatly binalarymyz bu gün ähli halkymyzyň guwanjyna, paýtagtlylaryň we myhmanlarymyzyň höwes bilen dynç alýan ýerlerine öwrüldi. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ak şäherimiziň çägi täze gurulýan ýaşaýyş toplumlarynyň, täsin desgalaryň hasabyna has-da giňeýär. Täze gurulýan «Altyn kölüň» kenaryndaky dynç alyş toplumy paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da baýlaşdyrar. Mähriban halkymyz ýurdumyzyň ýüregi Aşgabady berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşleriň, döredijiligiň, döwletliligiň, aýdym-sazyň şäheri hasap edýär. Aşgabat — rowaçlyklaryň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30

Şa serpaýyňyz gutly bolsun!

Şu ýyl ilkinji gezek goşa toý hökmünde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäklerinde ak şäherimiz Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň merkezi dabaraly açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerde guralan dabaralaryň barşynda döwlet sylagyna hem-de hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimizi sylaglamak dabarasy geçirildi. Biz hem Şa serpaýlaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny we baýramçylyk gutlaglaryny size ýetirmegi makul bildik. Derýamyrat SAPAROW,Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň halk atşynasy:

Atym bar — ganatym bar

Mähriban halkymyz bedewlere uly sarpa goýýar. Halkymyzyň «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen nakyly döretmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr. «At basyşyndan belli — är bakyşyndan» ýaly pähimleriň döremegi hem uzak ýyllaryň dowamynda adamlaryň ýakyn ýoldaşy bolan atlaryň iň oňat gylyk-häsiýetleri bilen pugta baglydyr. Ahalteke bedewleriniň wepalylygy, ýyndamlygy, gözelligi, ynsanpisint häsiýetleri barada gürrüň edilende hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewlerimiz biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp eserlerinde örän gymmatly maglumatlar bar. Halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklarynyň hatarynda ahalteke behişdi bedewlerimiziň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr.

Toýlarymyzyň bezegi

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz.

Ag­zy­bir­lik bi­len go­şa baý­ra­ma!

Er­tir ýur­du­myz­da go­şa baý­ram ― Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my we Türk­men ala­ba­ýy­nyň baý­ra­my. Ber­ka­rar Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, bi­ziň we­la­ýa­ty­myz­da hem bu go­şa baý­ra­myň da­ba­ra­la­ry giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lar. Fa­rap et­ra­by­nyň çä­gin­de türk­men ala­baý it­le­ri­niň to­hum­çy­lyk mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy bol­sa we­la­ýa­ty­myz­da­ky esa­sy da­ba­ra­la­ryň bi­ri bo­lar. Gün­do­gar se­bit­de şan­ly baý­ra­ma gör­len taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da Hal­ka­ra türk­men ala­baý it­le­ri as­so­sia­si­ýa­sy­nyň we­la­ýat bö­lü­mi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar-kä­ti­bi Mer­gen Aý­ha­now şeý­le gür­rüň ber­ýär: ― Mun­dan bir ýyl ozal dö­re­di­len hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­nyň bi­ziň we­la­ýa­ty­myz­da­ky ag­za­la­ry bar­ha art­ýar. Hä­zir we­la­ýa­ty­myz­da hal­ka­ra as­so­sia­ýa­si­ýa­sy­nyň 20-ä ýa­kyn ag­za­sy bar. Ýö­ne beý­le­ki it­şy­nas­la­ry­myz­dan hem köpsan­ly ýüz­tut­ma­lar ge­lip go­wuş­ýar. Baý­ram­dan soň ola­ra se­re­dip, ag­za­la­ry­my­zyň sa­ny­ny has-da kö­pelt­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýä­ris.

Alabaýym — abraýym

21-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna hem-de türkmen alabaý itleriniň şanyny bütin dünýä ýaýýan halkara guramasynyň birinji mejlisine gatnaşmak itşynaslar üçin ykbalymyzdaky iň ýakymly wakalara öwrüldi. Hut şol mejlisde-de hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýlen hormatly adyň ilkinji eýeleriniň biri bolmak bizi çäksiz uly bagta besledi. Mynasyp gören bu belent hormaty üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Biziň welaýatymyzda itşynaslygy ykbalyna öwren watandaşlarymyzyň köpsanlysy bar. Halkara assosiasiýasynyň döredilip, onuň welaýat bölüminiň işläp başlamagy olaryň işine has uly üns berilmegine şert döretdi. Goşa baýram mynasybetli açylyp, ulanylmaga beriljek welaýat tohumçylyk merkezi ýerli itşynaslaryň işinde täze sahypa öwrüler.

Buýsançly ýürekleriň joşguny

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tutumly toýuň dabaralary düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda dowam etdi. Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda emin agzalary tarapyndan saýlanyp-seçilip alnan naýbaşy ahalteke bedewleriň 10-sy gatnaşdy. Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly atly bedewi «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen belent ada we hormatly Prezidentimiziň adyndan Şa serpaýa — ýeňil awtoulaga mynasyp boldy. Çäre ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen jemlendi. Biz hem dabaranyň geçirilýän ýerinde bolup, toýdan serpaýly döredijilik işgärleri bilen söhbetdeş bolduk we olaryň ýürek buýsançlaryny we baýramçylyk gutlaglaryny ýazga geçirdik.

Alkyşlarymyz ýürekdendir, Arkadag!

Atabaý AMANGELDIÝEW,Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy:— Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar, ajaýyp baýramçylyklar her bir adamyň kalbyny joşdurýar. Şonuň bilen birlikde-de, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerine guwanç-buýsanç barha artýar. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň öň ýanyndaky häzirki günlerde hem ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirýäris.

Ýatdan çykmajak pursatlar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň Mary welaýatynda guralan at çapyşyklary örän dabaraly hem şowhunly geçdi. Bu ýaryşlara paýtagtymyz Aşgabat şäherinden, welaýatlaryň ählisinden saýlama bedewler, halypa seýisler hem-de ussatlyk derejesine ýeten ýaş çapyksuwarlar gatnaşdylar. At çapyşyklarynyň birinji aýlawynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda 1000 metr uzaklyga guralan ýaryşa gatnaşmak maňa miýesser etdi. Elbetde, şeýle ýokary derejedäki bäsleşige gatnaşyp, öz ukyp-başarnygyňy synap görmegiň özi uly hormat. Ýöne bu çapyşykda öz erk eden Mähek atly bedewim bilen pellehana hemmeden öň gelip, ýeňiji bolmak bagtynyň paýyma düşmegi ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Bu uly üstünlik diňe meniň özümi däl, eýsem, ähli ýoldaşlarymy, çapyksuwarlary, seýisleri diýseň begendirdi.

Döredijilik duşuşygy

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasy bilen bilelikde döredijilik duşuşygyny geçirdi. Welaýat atçylyk sport toplumynda geçen duşuşyk söhbetdeşlik ruhunda ýaýbaňlandyryldy. Duşuşygyň dowamynda halypa şahyrlar Bally Seýitberdiýewiň, Dädebaý Nartyýewiň, Annageldi Bekiýewiň, şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby, ýaş şahyr Agamyrat Annaýewiň goşgulary diňlenildi. Ylham ýaýlasynyň ter gülleri hasaplanýan goşgy setirlerinde bedew atlarymyzyň, alabaý itlerimiziň waspy ýetirildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy» atly dürdäne eserlerinden parçalar okaldy. Duşuşyga gatnaşanlar ýel deý ýyndam bedewlerimiziň, wepaly alabaý itlerimiziň asylly häsiýetleri, arassa ganlylygy hakynda özara pikir alyşdylar. Olaryň wepadarlygy we beýleki ýagşy gylyklary beýan edilýän rowaýatlardan mysallar getirildi, halkyň arasynda bolup geçen täsin wakalar hakynda täsirli gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda welaýatymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan atçylyk sport toplumynyň bagy-bossanlyga bürenip oturan gözel görnüşleriniň halkymyzyň göz-guwanjy bolan bedew atlara Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe uly gadyr goýul

Şöhratly, zynatly bedew!

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralarynyň uly bölegi, şeýle hem baýramçylyk at çapyşygy biziň welaýatymyzdaky durky täzelenen atçylyk sport toplumynda geçirildi. Öz şanyna tutulýan toýda behişdi bedewlerimiz ganat baglap uçdular. Baýramçylyk at çapyşygynyň şowhuny, şagalaňy has hem üýtgeşik boldy. Ir säher bilen bu ýere müňlerçe bedew janköýerleri çapyşyga tomaşa etmek üçin ýygnandy. Atçylyk sport toplumy baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin sahnalaşdyrylan ägirt uly meýdança öwrüldi. Al-asmanda parlaýan döwlet baýdagymyz, behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdym-sazyň owazy, bu ýerde gurnalan amaly-haşam sungatynyň sergileri, owadan halylar düşelen meýdançada eli çeper gelin-gyzlarymyzyň öz inçe sungatlaryny görkezýän pursatlary dabara aýratyn öwüşgin çaýýar.

At bakan bagt tapar

Bagtyýarlyk döwrümizde eziz Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň owazy bolup ýaňlanýar. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ahalteke bedewleriniň abraýy, şan-şöhraty barha belende göterilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlary hereket edýär. Atşynaslara ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek babatynda giň mümkinçilikler döredilýär. Biziň bedewlerimiz ýyndamlygy, owadanlygy, çalasynlygy, eýesine wepalylygy bilen beýleki atlardan tapawutlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen at çapyşygyna «Marygazüpjünçilik» kärhanasynyň Dorbürgüt atly aty bilen gatnaşdym. Bu geçirilen ýaryşda ýeňiji bolmagym meniň bedew atlara bolan söýgimi has-da artdyrdy. Ahalteke bedewlerini ýetişdirmäge, baýramçylyklaryň şanyna at çapyşyklaryny geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyň çägi ýok.

Ylmy maslahat geçirildi

Gecen penşenbe güni welaýat kitaphanasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XIII ylmy maslahat geçirildi. Maslahata Aşgabat şäherinden myhmanlar, şeýle hem syýasy partiýalaryň welaýat komitetleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ylmy maslahaty TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew açdy we alyp bardy. Maslahatda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň kitaphana müdiri Merjen Hommadowa, Türkmenistanyň merkezi döwlet arhiwiniň müdiri Ýazmuhammet Ataýew,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Merdanmuhammet Kasymow, Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni Annamyrat Hotjyýew,«Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy, şahyr Annageldi Källiýew, TAP--nyň Mary şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gaýgysyz Magtymow çykyş etdiler. Çykyş edenler ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy, ilkinji gezek geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň geçmiş taryhymyzdaky orny, atlaryň gelip çykyşy, owadanlykda we ýyndamlykda özüni tanadan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki orny, türkmen ýigidiniň ýow g

Waspnama

Ata-babalaryň baýlygy-genji, Goç ýigitleň ýakyn syrdaş, daýanjy,

Ýelden ýüwrük bedewler

Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde halkymyzyň goja taryhyndaky ruhy gymmatlyklara uly üns berilýär. Olaryň şan-şöhraty gaýtadan dikeldilýär. Türkmeniň iň gadymy gymmatlyklarynyň biri-de ahalteke bedewidir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty ýer ýüzünde belende göterilýär, ýyndam ahalteke bedewlerimiziň ata-babalarymyzyň pähim eleginden elenip, kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten milli mirasymyzdygyna we halkymyzyň ynsan gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan taýsyz goşandydygyna çäksiz buýsanýarys. Türkmen ahalteke bedewi taryhda harby söweşjeň gaýraty bilen dünýä ýüzünde meşhurlyk gazanan bolsa, bagtyýarlyk zamanasynda toý-baýramlaryň bezegine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew atlarymyz alada, mähir bilen gurşalyp alynýar. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ahalteke bedewlerimiziň şöhradynyň belende galýandygynyň aýdyň şaýady bolup durýar. Halkara derejesindäki ahalteke atçylyk sport merkeziniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, bu ýerde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşyklarynyň, bedewleriň gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi ata Watanymyz Türkmenistanda bedew atlarymyza bolan söýginiň, sarpanyň belentdiginiň aýdyň subutnamasyd

Halkymyň guwanjy sen, bedewim, alabaýym

“At agynan ýerde toý bolar” diýlişi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda zehin, zähmet siňdirip, ösdürip ýetişdiren gamyşgulak bedewleri, gaýduwsyz alabaýlary täze belentliklere göterildi. Bedew baýramçylygy bilen birlikde ýurdumyzda birinji gezek alabaý itiniň baýramçylygy bellenilip geçirilýär. Türkmen milli buýsanjy bolan bedewlere, alabaýlara uly üns berilýär. Türkmen aty hem-de wepaly alabaýy göwünlerimizi şatlykdan dolduran bagtyýarlyk döwrümiziň öwüşgüni, biziň mirasymyz we bahasyna ýetip bolmaýan hazynamyz. Bedewdir alabaýymyz ynsan durmuşynyň şatlygy, toýlarymyzyň bezegi, baýramlarymyzyň gelşigi, märekäniň söýünjidir. Olar şu günki günlere çenli gymmatlygyny ýitirmän geldi. Nagra dartyp kişňände, owazy we gözelligi bilen aklyňy haýran edýän aty, çopanyň wepaly ýoldaşy alabaý türkmen halkynyň buýsanjy.