Bedewler hemişe toýda çapylsyn...

23 Aprel 2021
881

Bedew ata bolan söýgi milletimiziň aňynda, arzuwynda, düýp ykbalynda bar bolmaly. Paýhasly pederlerimiz aty bilen älemleri aýlanypdyr, aga-ýana döwran sürüpdir, durmuşyň iň ýowuz synaglaryndan serini dik tutup geçipdir. At üstünde bolmak hemme döwürlerde-de türkmenlerde deňli-derejeli ýaşamagyň, mertebeli döwran sürmegiň alamaty diýlip kabul edilipdir.

Göreniň nazaryny özünde egleýän, bakanyňda gözüňi dokundyryp, göwnüňi ganatlandyrýan dal bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň diýseň inçe, hysyrdyly hem synagly ýolunyň bardygyny ýaşuly seýisleriň berýän gürrüňlerinden hem kemsiz göz ýetirmek bolýar. Milletimiz bu inçe senedi asyrlaryň akabasynda sünnäläp, onuň kämil mekdebini kemala getiripdir.

Aknur ATAÝEWA,
«Nesil».