Ýatdan çykmajak pursatlar

23 Aprel 2021
785

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň Mary welaýatynda guralan at çapyşyklary örän dabaraly hem şowhunly geçdi. Bu ýaryşlara paýtagtymyz Aşgabat şäherinden, welaýatlaryň ählisinden saýlama bedewler, halypa seýisler hem-de ussatlyk derejesine ýeten ýaş çapyksuwarlar gatnaşdylar.

At çapyşyklarynyň birinji aýlawynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda 1000 metr uzaklyga guralan ýaryşa gatnaşmak maňa miýesser etdi. Elbetde, şeýle ýokary derejedäki bäsleşige gatnaşyp, öz ukyp-başarnygyňy synap görmegiň özi uly hormat. Ýöne bu çapyşykda öz erk eden Mähek atly bedewim bilen pellehana hemmeden öň gelip, ýeňiji bolmak bagtynyň paýyma düşmegi ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Bu uly üstünlik diňe meniň özümi däl, eýsem, ähli ýoldaşlarymy, çapyksuwarlary, seýisleri diýseň begendirdi.

Baýram MÄMMEDOW,
Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapyksuwary.