Alkyşlarymyz ýürekdendir, Arkadag!

23 Aprel 2021
936

Atabaý AMANGELDIÝEW,
Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy:
— Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar, ajaýyp baýramçylyklar her bir adamyň kalbyny joşdurýar. Şonuň bilen birlikde-de, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerine guwanç-buýsanç barha artýar.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň öň ýanyndaky häzirki günlerde hem ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirýäris.