Buýsançly ýürekleriň joşguny

23 Aprel 2021
725

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tutumly toýuň dabaralary düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda dowam etdi.

Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda emin agzalary tarapyndan saýlanyp-seçilip alnan naýbaşy ahalteke bedewleriň 10-sy gatnaşdy. Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly atly bedewi «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen belent ada we hormatly Prezidentimiziň adyndan Şa serpaýa — ýeňil awtoulaga mynasyp boldy. Çäre ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen jemlendi. Biz hem dabaranyň geçirilýän ýerinde bolup, toýdan serpaýly döredijilik işgärleri bilen söhbetdeş bolduk we olaryň ýürek buýsançlaryny we baýramçylyk gutlaglaryny ýazga geçirdik.