Ag­zy­bir­lik bi­len go­şa baý­ra­ma!

23 Aprel 2021
898

Er­tir ýur­du­myz­da go­şa baý­ram ― Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my we Türk­men ala­ba­ýy­nyň baý­ra­my. Ber­ka­rar Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, bi­ziň we­la­ýa­ty­myz­da hem bu go­şa baý­ra­myň da­ba­ra­la­ry giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lar. Fa­rap et­ra­by­nyň çä­gin­de türk­men ala­baý it­le­ri­niň to­hum­çy­lyk mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy bol­sa we­la­ýa­ty­myz­da­ky esa­sy da­ba­ra­la­ryň bi­ri bo­lar. Gün­do­gar se­bit­de şan­ly baý­ra­ma gör­len taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da Hal­ka­ra türk­men ala­baý it­le­ri as­so­sia­si­ýa­sy­nyň we­la­ýat bö­lü­mi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar-kä­ti­bi Mer­gen Aý­ha­now şeý­le gür­rüň ber­ýär:

― Mun­dan bir ýyl ozal dö­re­di­len hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­nyň bi­ziň we­la­ýa­ty­myz­da­ky ag­za­la­ry bar­ha art­ýar. Hä­zir we­la­ýa­ty­myz­da hal­ka­ra as­so­sia­ýa­si­ýa­sy­nyň 20-ä ýa­kyn ag­za­sy bar. Ýö­ne beý­le­ki it­şy­nas­la­ry­myz­dan hem köpsan­ly ýüz­tut­ma­lar ge­lip go­wuş­ýar. Baý­ram­dan soň ola­ra se­re­dip, ag­za­la­ry­my­zyň sa­ny­ny has-da kö­pelt­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýä­ris.