Tarypa mynasyp alabaýlar

23 Aprel 2021
917

Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwleti ozal görlüp-eşidilmedik eýýama ― milli mirasyň we däp-dessurlaryň galkynýan eýýamyna gadam basdy» diýip nygtaýşy ýaly, eziz Watanymyz Türkmenistanda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Çünki ata Watanymyzyň çäginde ýerleşýän arheologik ýadygärliklerden tapylýan gymmatly tapyndylar ýurdumyzyň şöhratly taryhyny ýüze çykarmaga şert döredýär.

Ata-babalarymyz alabaý itini maldarçylyk durmuşynda sürä goragçy, mallara esewançy hökmünde öz ýakyn hemrasyna öwrüp gelipdir. Ýyllaryň geçmegi bilen türkmen alabaýy tohum taýdan has kämilleşip, saýlama itleriň hataryna goşulypdyr. Alabaý itleri soňabaka sungat eserlerinde hem özboluşly beýana eýe bolupdyr. Ýurdumyzyň taryhy künjeklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylýan heýkelleriň arasynda türkmen alabaýynyň hem şekiliniň bolmagy halkymyzyň bu wepaly jandar bilen durmuşynyň berk baglanyşyklydygyny äşgär edýär.

Maýagözel MOMMALIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».