Döredijilik duşuşygy

23 Aprel 2021
857

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasy bilen bilelikde döredijilik duşuşygyny geçirdi. Welaýat atçylyk sport toplumynda geçen duşuşyk söhbetdeşlik ruhunda ýaýbaňlandyryldy. Duşuşygyň dowamynda halypa şahyrlar Bally Seýitberdiýewiň, Dädebaý Nartyýewiň, Annageldi Bekiýewiň, şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby, ýaş şahyr Agamyrat Annaýewiň goşgulary diňlenildi. Ylham ýaýlasynyň ter gülleri hasaplanýan goşgy setirlerinde bedew atlarymyzyň, alabaý itlerimiziň waspy ýetirildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy» atly dürdäne eserlerinden parçalar okaldy. Duşuşyga gatnaşanlar ýel deý ýyndam bedewlerimiziň, wepaly alabaý itlerimiziň asylly häsiýetleri, arassa ganlylygy hakynda özara pikir alyşdylar. Olaryň wepadarlygy we beýleki ýagşy gylyklary beýan edilýän rowaýatlardan mysallar getirildi, halkyň arasynda bolup geçen täsin wakalar hakynda täsirli gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda welaýatymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan atçylyk sport toplumynyň bagy-bossanlyga bürenip oturan gözel görnüşleriniň halkymyzyň göz-guwanjy bolan bedew atlara Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe uly gadyr goýulýandygynyň alamatydygy hakynda hem nygtaldy.

«Daşoguz habarlary».