At bakan bagt tapar

23 Aprel 2021
947

Bagtyýarlyk döwrümizde eziz Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň owazy bolup ýaňlanýar. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ahalteke bedewleriniň abraýy, şan-şöhraty barha belende göterilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlary hereket edýär. Atşynaslara ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek babatynda giň mümkinçilikler döredilýär. Biziň bedewlerimiz ýyndamlygy, owadanlygy, çalasynlygy, eýesine wepalylygy bilen beýleki atlardan tapawutlanýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen at çapyşygyna «Marygazüpjünçilik» kärhanasynyň Dorbürgüt atly aty bilen gatnaşdym. Bu geçirilen ýaryşda ýeňiji bolmagym meniň bedew atlara bolan söýgimi has-da artdyrdy. Ahalteke bedewlerini ýetişdirmäge, baýramçylyklaryň şanyna at çapyşyklaryny geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyň çägi ýok.