Ýelden ýüwrük bedewler

23 Aprel 2021
962

Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde halkymyzyň goja taryhyndaky ruhy gymmatlyklara uly üns berilýär. Olaryň şan-şöhraty gaýtadan dikeldilýär. Türkmeniň iň gadymy gymmatlyklarynyň biri-de ahalteke bedewidir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty ýer ýüzünde belende göterilýär, ýyndam ahalteke bedewlerimiziň ata-babalarymyzyň pähim eleginden elenip, kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten milli mirasymyzdygyna we halkymyzyň ynsan gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan taýsyz goşandydygyna çäksiz buýsanýarys.

Türkmen ahalteke bedewi taryhda harby söweşjeň gaýraty bilen dünýä ýüzünde meşhurlyk gazanan bolsa, bagtyýarlyk zamanasynda toý-baýramlaryň bezegine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew atlarymyz alada, mähir bilen gurşalyp alynýar. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ahalteke bedewlerimiziň şöhradynyň belende galýandygynyň aýdyň şaýady bolup durýar. Halkara derejesindäki ahalteke atçylyk sport merkeziniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, bu ýerde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşyklarynyň, bedewleriň gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi ata Watanymyz Türkmenistanda bedew atlarymyza bolan söýginiň, sarpanyň belentdiginiň aýdyň subutnamasydyr.