Alabaýym — abraýym

23 Aprel 2021
794

21-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna hem-de türkmen alabaý itleriniň şanyny bütin dünýä ýaýýan halkara guramasynyň birinji mejlisine gatnaşmak itşynaslar üçin ykbalymyzdaky iň ýakymly wakalara öwrüldi. Hut şol mejlisde-de hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýlen hormatly adyň ilkinji eýeleriniň biri bolmak bizi çäksiz uly bagta besledi. Mynasyp gören bu belent hormaty üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Biziň welaýatymyzda itşynaslygy ykbalyna öwren watandaşlarymyzyň köpsanlysy bar. Halkara assosiasiýasynyň döredilip, onuň welaýat bölüminiň işläp başlamagy olaryň işine has uly üns berilmegine şert döretdi. Goşa baýram mynasybetli açylyp, ulanylmaga beriljek welaýat tohumçylyk merkezi ýerli itşynaslaryň işinde täze sahypa öwrüler.

Rahmet ÝULDAŞEW,
Türkmenistanyň at gazanan itşynasy.