Halkymyň guwanjy sen, bedewim, alabaýym

23 Aprel 2021
853

“At agynan ýerde toý bolar” diýlişi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda zehin, zähmet siňdirip, ösdürip ýetişdiren gamyşgulak bedewleri, gaýduwsyz alabaýlary täze belentliklere göterildi. Bedew baýramçylygy bilen birlikde ýurdumyzda birinji gezek alabaý itiniň baýramçylygy bellenilip geçirilýär. Türkmen milli buýsanjy bolan bedewlere, alabaýlara uly üns berilýär.

Türkmen aty hem-de wepaly alabaýy göwünlerimizi şatlykdan dolduran bagtyýarlyk döwrümiziň öwüşgüni, biziň mirasymyz we bahasyna ýetip bolmaýan hazynamyz. Bedewdir alabaýymyz ynsan durmuşynyň şatlygy, toýlarymyzyň bezegi, baýramlarymyzyň gelşigi, märekäniň söýünjidir. Olar şu günki günlere çenli gymmatlygyny ýitirmän geldi. Nagra dartyp kişňände, owazy we gözelligi bilen aklyňy haýran edýän aty, çopanyň wepaly ýoldaşy alabaý türkmen halkynyň buýsanjy.