"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kitaphana ulgamynda

Şu ýylyň 11-12-nji martynda GDA ýurtlarynyň kitaphana işgärleriniň arasynda iki günlük onlaýyn maslahat geçirildi. Bu maslahat kitaphana işgärleriniň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen utgaşyp gelen bu iki günlük forumyň esasy maksady GDA ýurtlarynyň kitaphanalarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň has netijeli ýagdaýlary we kitaphana işiniň iň gowy tejribeleri bilen birek-biregi tanyşdyrmakdan, özara tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Forumyň birinji gününde, ýagny 11-nji martda «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» ady bilen geçirilen onlaýn maslahat kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, GDA gatnaşyjy döwletleriň milli kitaphanalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Onda, hususan-da, has ileri tutulýan öňdebaryjy taslamalar, ýagny elektron kitaplaryň altyn gaznasyny döretmek baradaky teklip öňe sürüldi. Bulardan başga-da, 2021-nji ýylda halkara kitaphana hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy.

Döwletliligiň başy görüm-göreldede

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän döwletlilik ýörelgesi babatda gymmatly maglumatlary okyjylara ýetirýändigi bilen ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň zehin dürdänesinden dörän her bir eserinde biz täze-täze döredijilik usullary, tärleri, çeperçilik serişdeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserde baş pikir dürli hekaýatlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen açylyp, ondaky beýan edilýän pikirleriň manysyny tirmek okyjylaryň özüne goýulýar. Eseriň dili ýeňil, söze we söz öwüşginlerine baý, islendik ýaşdaky, islendik hünärdäki okyjy üçin düşnüklidir.

Zenan mertebesi belentde

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly dabaralar, bäsleşiklerdir sergiler eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, eziz Watanymyza söýgini, hormatly Prezidentimize hormatymyzy artdyrdy. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän köpugurly döwlet syýasatynyň, giň gerimli maksatnamalarynyň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň mährem zenanlary hökümet edaralarynda, döwlet düzümlerinde jogapkärli wezipeleri eýeläp, halk hojalygynyň köp pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Adam hakda alada

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda kabul edilen we il arasynda «Oba milli maksatnamasy» diýip at alan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» durmuşyň köp ugurlaryny öz içine aldy. Başda Oba milli maksatnamasy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ulgamlarynyň we inženerçilik infrastrukturasynyň on bäş ugruny öz içine aldy. Soň milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, oňa täze ugurlar hem goşulyp, 2015-nji ýylda bu maksatnamanyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Geçirilen giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzyň obalary, şäherçeleri, etraplardaky şäherleri, etrap we welaýat merkezleri döwrüň talabyna laýyk derejede durmuş taýdan täze belentliklere ýetirildi.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

♦ Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Bilim ministrligi bilen bilelikde 2 — 4-nji synplarda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde Baş baýraga K.Gurbannepesow adyndaky 52-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Şaperi Goçkarowa, 1-nji orna Döwletliler köşgüniň 4-nji synp okuwçysy Mähriban Saparowa, 2-nji orna 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Täzegül Annamuhammedowa, 3-nji orna bolsa S.Nyýazow adyndaky 20-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Medine Şanazarowa dagy mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Meretgeldi NURBERDIÝEW, TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

Dünýäde iň bagtly ata-ene

Ata-ene bolmagyň müň bir bagty bar. Çaga dünýä inende, oňa aýakdyr dil bitende, mekdebe gatnap başlanda, alan her «bäşliginde», ak mekdepden uçurym bolanda, öýe talyp şahadatnamasyny getirende, işe ýerleşende, durmuş guranda, agtyk görende... guş bolup uçar ata-ene! 10-njy mart güni «Watan» habarlar gepleşigine syn edeniňizde, dünýäde iň bagtly ata-enäniň bir jübüdi siziň hem nazaryňyza ilendir. Bildiňiz. Olar dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewanyň ata-enesi ― Alymbaý Jumabaýew we Emine Kerimbaýewa.

Ganatly sözler

■ Eger paýhasly jogaba garaşýan bolsaň, akylly-başly sowal ber. ■ Adamlaryň saňa nähili çemeleşmegini isleýän bolsaň, sen olara hemişe şonuň ýaly çemeleş!

Mynasyp käriň eýesi bolmak üçin...

Bahar pasly özi bilen bilelikde dowam edýän okuw ýylynyň soňky çärýegini hem alyp geldi. Orta mekdepleriň gutardyş synplarynyň okuwçylary ýene üç-dört aýdan mekdebi tamamlap, durmuş ýoluna gadam basarlar. Geljekde özlerini haýsy kärde göz öňünde getirýändigi bolsa olary bireýýämden bäri gyzyklandyryp ýörendir. Ýöne heniz hem belli bir karara gelip bilmedik uçurymlara käbir maslahatlar bilen ýüzlenmegi makul bildik. Hünär saýlamak meselesinde «Üç burç» usuly iň netijeli usullaryň biri hasaplanylýar. Eýsem, bu nähili usulka?

Dilde dessan ak şäher

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ýurdumyzyň dürli şäherlerindedir obalarynda bolşy ýaly, eziz paýtagtymyzyň durmuşynda hem akylyňy haýrana goýýan belent özgertmelere, bitirilen beýik işlere beslenýär. Mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryny uludan tutar. Şunda paýtagtymyzyň täze taryhyndaky beýik ösüşleri, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýolunda gazananlary her bir türkmenistanlynyň ata Watanymyza, hormatly Arkadagymyzyň amal edýän işlerine bolan buýsanjyny artdyrýar. Paýtagtymyzda täze gurulýan her bir binada milli binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalarynyň dünýäniň öňdebaryjy häzirki zaman ülňüleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy ak şäherimiziň özboluşly gözelligini has-da artdyrýar. Paýtagtymyzda gurulýan täsin desgalaryň ençemesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Ak şäherimiz Aşgabat ak mermerli binalaryň bir ýere jemlenen şäheri. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň keşbini bezeýän Oguz hanyň sekizburçluk ýyldyzy dünýäde iň uly ýyldyzyň şekili hökmünde, Olimpiýa şäherçesiniň 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň dünýäde iň uly atyň keşbi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi dünýäde iň uly üsti ýapyk syn ediş

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Adatça, hamallar haýsydyr bir işiň başyna barsalar, ony üstünlik bilen tamamlamagy başarýarlar. Geljek hepde olar kärdeşleri bilen arkalaşyp işleseler, üstünlige ýeterler. Hamallara ýekelikde galmaga wagt gerek bolar. Ýyldyzlar geljek hepde olara işjeň bolmagy maslahat berýär. Serişdeleri tygşytly ulanmagy başarsaňyz girdeji gazanarsyňyz.

Arkadagyň sargytlary — ýörelge

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik syýasy guramalaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi. Bu sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda milli Liderimiz TAP-nyň işjeň agzalarynyň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy. Esasan-da, oba hojalyk toplumyny ösdürmek, ekerançylygyň we maldarçylygyň ähmiýetini ýaşlara düşündirmek, ýurdumyzy agrar döwletden, senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde durmuşa geçirilýän işleri ilata giňden düşündirmek ýaly meseleleri, halk köpçüligine ýetirmekde yzygiderli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň bu görkezmelerinden ugur alyp, TAP-nyň Türkmengala etrap komiteti ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň hem-de etrabyň kärendeçileriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çärede hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak barada buýsançly çykyşlar edildi. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanmuhammet Täşliýew çykyşynda milli Liderimiziň tagallasy bilen kärendeçilere, mülkdarlara

Gyz edebi — il edebi

“Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrabyň polisiýa we bilim bölümleri bilen bilelikde etrabymyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirdi. Ahlak arassalygy, türkmen gyzlaryna mahsus edep-haýa, asylly sypatlary ýaşlaryň aňyna ýetirmek maksady bilen “Gyz edebi — il edebi” ady bilen guralan duşuşyklar täsirli boldy. Duşuşyklarda çykyş edenler, hususan-da, türkmen gyzlaryna ar-namyslylyk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, çeperlik ýaly oňat häsiýetleriň ýaraşýandygyny nygtadylar. Enelerden miras galan bu gowy häsiýetleri ýaş gyzlarymyzyň özlerine endik edinip, ýaşy kiçilere-de görelde bolmalydyklary bellenilip geçildi.

Eneler döredýär täsin gudraty

Ýakynda welaýat zenanlar bölüminiň guramagynda Mary şäheriniň merkezindäki «Bagt köşgi» toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýaşlara görelde görkezýän mährem enelerimiziň el işleriniň sergisi boldy. Oňa welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan el işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýän mährem eneler gatnaşdylar. Milli toý äheňinde bezelen sahnada el hünärleri bilen täsin gudraty döredýän eziz eneler milli gymmatlyklarymyzy ýaş çatynjalara öwretmekde we geljekki nesillerimize miras galdyrmakda nusgalyk işleri görkezdiler. Olaryň keşde çekmek, köjüme köjemek, basma basmak, pugtama pugtamak, alaja işmek, halyçalary dokamak, gyz-gelinlerimiziň milli lybaslaryny biçip-tikmek ýaly ýerine ýetiren el işleri hemmeleriň ünsüni çekmek bilen, bu ýere ýygnananlaryň buýsanjyňy goşalandyrdy.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Degerli tagallalar Ajap eýýamymyzyň ýyllary türkmen halkynyň tutanýerli zähmeti bilen belent sepgitlere beslenýär. Jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ýeňişli ýoluna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da türkmen ili döredijilikli zähmet çekip, uly toýuna — Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görýär.

Özgertmelerimiziň hukuk esaslary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda il bähbitli, ýurt ähmiýetli alnyp barylýan döwlet syýasaty taryhyň gatlaryna öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. 25-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda döwlet ähmiýetli işleriň birnäçesine badalga berildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklanyldy. Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek ulgamyna-da aýratyn üns çekildi. Bu ugurda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, hususan-da, ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek üçin «Ýuridiki şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylmagynyň zerurdygy bellenildi. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etme

Saýlawlar —demokratiýanyň kämil instituty

Şu ýylyň 28-nji martynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Döwletimizde saýlawlaryň geçirilmegini taýýarlaýan we üpjün edýän gurluşlar bolup, saýlaw toparlary çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegine wekilçilikli edaralar, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, hukuk tertibini üpjün edýän degişli döwlet edaralary ýakyndan ýardam berýärler.

Erkana durmuşyň eşreti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň çalt depgin bilen ösdürilmegine ýardam berjek täze kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belleýär. Şeýle hem milli Liderimiz geljekde-de jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýeti, senagat pudaklaryny, ylmy, bilimi we medeniýeti ösdürmek bilen bagly meseleleriň çözülmelidigini aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!». Diýmek, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bolan 2021-nji ýylda Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň bütin dünýä ýaň saljak 30 ýyllyk dabaralary, geçen ýyl halkara derejesinde giňden bellenilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk dabaralarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, bu iki senäniň taryhy wakalary biri-biri bilen ajaýyp sazlaşyp, Ýer ýüzüne ýaýylar.

Pälwan gyzyň üstünligi

Bagtyýarlyk döwrümizde türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki sport ýaryşlaryna gatnaşyp, oňat netijeleri gazanyp gelmegi ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu ugruň kämillik ýoluna gadam goýandyklaryndan habar berýär. Muňa pälwan gyz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagynyň gowşurylyş dabarasyna syn eden pursatyň has-da doly göz ýetirýärsiň. 10-njy martda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Ý.Jumabaýewa dünýä çempionatynda eýe bolan altyn medaly gowşuryldy. Ýurt Baştutanymyz türkmen türgenine sport äleminde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Dabaranyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Maýkl Irani, şeýle-de Halkara agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Mohammed Jaluda türgeniň baýragynyň doly kanunalaýyklygy we iki altyn medalyň eýesi bolup, dünýä rekordyny goýandygyny bellediler. Şol gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda Ýulduz Jumabaýewa, onuň tälimçisi M.Sähetmyradow «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy we hormatly Prezidentimiziň adyndan Ý.Jumabaýewa ýeňil awtoulag, M.Sähetmyradowa bolsa ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Agyr atletika federasi

Gözegçiliksiz otdan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzdaky ähli önümçilik senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý ediliş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreleri ýatladýar. Edaradyr kärhanalarda, ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlyk çäreleri babatynda gözükdirmeler bölümleriň, gurluşlaryň, ammarlaryň, barlaghanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan işlenip taýýarlanylmaly, baş inžener tarapyndan tassyklanylmaly. Agzalan gözükdirmä çig malyň, taýýar önümiň, önümçiligiň alnyp barlyşyna gönükdirilen howpsuzlyk çäreleri, aýratyn önümçilik tilsimatlary üçin ýangynyň öňüni alyp biljek ýörite çäreler, tilsimat enjamlaýyn ulgamyny togtatmagyňdyr ýangyn howpsuzlyk bölümleri çagyrmagyň düzgünleri, çilim çekmek, açyk ot ulanmak gadagan edilen ýerler barada maglumatlar, ýangyn hadysasy dörän halatynda, işçidir gullukçylaryň borçlary, ýangyn söndüriji serişdeleri herekete getirmegiň usullary, maddalarydyr materiallary saklamagyň tertipleridir kadalary, şeýle-de olaryň ýangyn, partlama howply häsiýetnamalary barada maglumatlar hökmany girizilmelidir.

Dalaşgärleriň duşuşyklary başlandy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýatymyz boýunça bellige alnan dalaşgärleriň saýlawçylar —welaýat halk maslahatynyň agzalary bilen duşuşyklaryna badalga berildi. Änew şäherdäki Medeniýet öýünde hem şeýle duşuşyklar geçirildi. Ony welaýat saýlaw topary gurady. Kaka etrap häkimliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri Mähri Amangeldiýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen şäher komitetiniň başlygy Serdar Annaýew, «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň inžener-energetigi Berdimyrat Ataýew, Ak bugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri baradaky orunbasary Enejan Ataýewa, Ahal welaýat häkimliginiň Işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Aýmyrat Bäşimow dagynyň welaýat halk maslahatynyň agzalary bilen duşuşyklary örän täsirli boldy.