Saýlawlar —demokratiýanyň kämil instituty

11 Mart 2021
886

Şu ýylyň 28-nji martynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Döwletimizde saýlawlaryň geçirilmegini taýýarlaýan we üpjün edýän gurluşlar bolup, saýlaw toparlary çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegine wekilçilikli edaralar, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, hukuk tertibini üpjün edýän degişli döwlet edaralary ýakyndan ýardam berýärler.

Atamyrat ATAMYRADOW,
Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy.