Zenan mertebesi belentde

13 Mart 2021
902

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly dabaralar, bäsleşiklerdir sergiler eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, eziz Watanymyza söýgini, hormatly Prezidentimize hormatymyzy artdyrdy.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän köpugurly döwlet syýasatynyň, giň gerimli maksatnamalarynyň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň mährem zenanlary hökümet edaralarynda, döwlet düzümlerinde jogapkärli wezipeleri eýeläp, halk hojalygynyň köp pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Gurbangül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.