Kitaphana ulgamynda

15 Mart 2021
909

Şu ýylyň 11-12-nji martynda GDA ýurtlarynyň kitaphana işgärleriniň arasynda iki günlük onlaýyn maslahat geçirildi. Bu maslahat kitaphana işgärleriniň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen utgaşyp gelen bu iki günlük forumyň esasy maksady GDA ýurtlarynyň kitaphanalarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň has netijeli ýagdaýlary we kitaphana işiniň iň gowy tejribeleri bilen birek-biregi tanyşdyrmakdan, özara tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Forumyň birinji gününde, ýagny 11-nji martda «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» ady bilen geçirilen onlaýn maslahat kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, GDA gatnaşyjy döwletleriň milli kitaphanalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Onda, hususan-da, has ileri tutulýan öňdebaryjy taslamalar, ýagny elektron kitaplaryň altyn gaznasyny döretmek baradaky teklip öňe sürüldi. Bulardan başga-da, 2021-nji ýylda halkara kitaphana hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy.

Gülşat AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň direktory.