Dilde dessan ak şäher

12 Mart 2021
869

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ýurdumyzyň dürli şäherlerindedir obalarynda bolşy ýaly, eziz paýtagtymyzyň durmuşynda hem akylyňy haýrana goýýan belent özgertmelere, bitirilen beýik işlere beslenýär. Mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryny uludan tutar. Şunda paýtagtymyzyň täze taryhyndaky beýik ösüşleri, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýolunda gazananlary her bir türkmenistanlynyň ata Watanymyza, hormatly Arkadagymyzyň amal edýän işlerine bolan buýsanjyny artdyrýar.

Paýtagtymyzda täze gurulýan her bir binada milli binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalarynyň dünýäniň öňdebaryjy häzirki zaman ülňüleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy ak şäherimiziň özboluşly gözelligini has-da artdyrýar. Paýtagtymyzda gurulýan täsin desgalaryň ençemesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Ak şäherimiz Aşgabat ak mermerli binalaryň bir ýere jemlenen şäheri. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň keşbini bezeýän Oguz hanyň sekizburçluk ýyldyzy dünýäde iň uly ýyldyzyň şekili hökmünde, Olimpiýa şäherçesiniň 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň dünýäde iň uly atyň keşbi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi dünýäde iň uly üsti ýapyk syn ediş hiňňildigi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun aldy. Bu kitaba girizilen paýtagtymyzyň binagärlik täsinliklerini sanasaň hormatly Arkadagymyzyň döreden binagärlik sungatyna bolan buýsanjyň goşalanýar. Olaryň ählisi hem türkmeniň mukaddesliklerine öwrüldi.

Bägül GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki 80-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy.