Pälwan gyzyň üstünligi

11 Mart 2021
975

Bagtyýarlyk döwrümizde türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki sport ýaryşlaryna gatnaşyp, oňat netijeleri gazanyp gelmegi ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu ugruň kämillik ýoluna gadam goýandyklaryndan habar berýär. Muňa pälwan gyz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagynyň gowşurylyş dabarasyna syn eden pursatyň has-da doly göz ýetirýärsiň. 10-njy martda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Ý.Jumabaýewa dünýä çempionatynda eýe bolan altyn medaly gowşuryldy. Ýurt Baştutanymyz türkmen türgenine sport äleminde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Dabaranyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Maýkl Irani, şeýle-de Halkara agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Mohammed Jaluda türgeniň baýragynyň doly kanunalaýyklygy we iki altyn medalyň eýesi bolup, dünýä rekordyny goýandygyny bellediler.

Şol gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda Ýulduz Jumabaýewa, onuň tälimçisi M.Sähetmyradow «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy we hormatly Prezidentimiziň adyndan Ý.Jumabaýewa ýeňil awtoulag, M.Sähetmyradowa bolsa ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy we ýurdumyzyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy. Bu şanly wakalar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaşlaryň öz gujur-gaýratlaryny dünýä ýaýmaga, türkmen Tuguny has belentde parlatmaga bolan ynamyny artdyrýar.

Ýörite habarçylarymyz.