Dalaşgärleriň duşuşyklary başlandy

11 Mart 2021
899

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýatymyz boýunça bellige alnan dalaşgärleriň saýlawçylar —welaýat halk maslahatynyň agzalary bilen duşuşyklaryna badalga berildi. Änew şäherdäki Medeniýet öýünde hem şeýle duşuşyklar geçirildi. Ony welaýat saýlaw topary gurady.

Kaka etrap häkimliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri Mähri Amangeldiýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen şäher komitetiniň başlygy Serdar Annaýew, «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň inžener-energetigi Berdimyrat Ataýew, Ak bugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri baradaky orunbasary Enejan Ataýewa, Ahal welaýat häkimliginiň Işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Aýmyrat Bäşimow dagynyň welaýat halk maslahatynyň agzalary bilen duşuşyklary örän täsirli boldy.

Bägül HOJAÝEWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň Ahal welaýaty boýunça iş ýöredijisi.