Döwletliligiň başy görüm-göreldede

14 Mart 2021
764

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän döwletlilik ýörelgesi babatda gymmatly maglumatlary okyjylara ýetirýändigi bilen ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiziň zehin dürdänesinden dörän her bir eserinde biz täze-täze döredijilik usullary, tärleri, çeperçilik serişdeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserde baş pikir dürli hekaýatlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen açylyp, ondaky beýan edilýän pikirleriň manysyny tirmek okyjylaryň özüne goýulýar. Eseriň dili ýeňil, söze we söz öwüşginlerine baý, islendik ýaşdaky, islendik hünärdäki okyjy üçin düşnüklidir.

Oraz ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň aspiranty.