Adam. Jemgyýet. Kanun.

12 Mart 2021
1027

Degerli tagallalar

Ajap eýýamymyzyň ýyllary türkmen halkynyň tutanýerli zähmeti bilen belent sepgitlere beslenýär. Jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ýeňişli ýoluna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da türkmen ili döredijilikli zähmet çekip, uly toýuna — Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görýär.