Adam hakda alada

13 Mart 2021
879

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda kabul edilen we il arasynda «Oba milli maksatnamasy» diýip at alan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» durmuşyň köp ugurlaryny öz içine aldy.

Başda Oba milli maksatnamasy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ulgamlarynyň we inženerçilik infrastrukturasynyň on bäş ugruny öz içine aldy. Soň milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, oňa täze ugurlar hem goşulyp, 2015-nji ýylda bu maksatnamanyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Geçirilen giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzyň obalary, şäherçeleri, etraplardaky şäherleri, etrap we welaýat merkezleri döwrüň talabyna laýyk derejede durmuş taýdan täze belentliklere ýetirildi.

Muhammetgeldi ATAÝEW,
«Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň baş redaktory, ykdysady ylymlaryň doktory, professor.