Arkadagyň sargytlary — ýörelge

12 Mart 2021
637

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik syýasy guramalaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi. Bu sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda milli Liderimiz TAP-nyň işjeň agzalarynyň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy. Esasan-da, oba hojalyk toplumyny ösdürmek, ekerançylygyň we maldarçylygyň ähmiýetini ýaşlara düşündirmek, ýurdumyzy agrar döwletden, senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde durmuşa geçirilýän işleri ilata giňden düşündirmek ýaly meseleleri, halk köpçüligine ýetirmekde yzygiderli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň bu görkezmelerinden ugur alyp, TAP-nyň Türkmengala etrap komiteti ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň hem-de etrabyň kärendeçileriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çärede hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak barada buýsançly çykyşlar edildi. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanmuhammet Täşliýew çykyşynda milli Liderimiziň tagallasy bilen kärendeçilere, mülkdarlara halal zähmet çekip, halal baýamak üçin ähli şertleriň döredilýändigini, ýokary hilli tohumlar, dökünler, kuwwatly tehnikalar we suw bilen bökdençsiz üpjün edilýändigini, özüniň şol ýeňilliklerden peýdalanyp, ýylyň-ýylyna ýokary hasyl alýandygyny belledi. Şeýle hem Arkadag Prezidentimize ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde, oba ilatynyň bolelin ýaşamaklary üçin edýän taýsyz tagallalaryna alkyşly sözlerini aýtdy we ähli kärendeçi daýhanlary bu ýyl ýaz ekişine ykjam taýýarlyk görüp, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna beýik ösüşler bilen barmak üçin päk ýürekden zähmet çekmäge çagyrdy.