Gyz edebi — il edebi

12 Mart 2021
1354

“Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrabyň polisiýa we bilim bölümleri bilen bilelikde etrabymyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirdi. Ahlak arassalygy, türkmen gyzlaryna mahsus edep-haýa, asylly sypatlary ýaşlaryň aňyna ýetirmek maksady bilen “Gyz edebi — il edebi” ady bilen guralan duşuşyklar täsirli boldy.

Duşuşyklarda çykyş edenler, hususan-da, türkmen gyzlaryna ar-namyslylyk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, çeperlik ýaly oňat häsiýetleriň ýaraşýandygyny nygtadylar. Enelerden miras galan bu gowy häsiýetleri ýaş gyzlarymyzyň özlerine endik edinip, ýaşy kiçilere-de görelde bolmalydyklary bellenilip geçildi.