Erkana durmuşyň eşreti

11 Mart 2021
1047

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň çalt depgin bilen ösdürilmegine ýardam berjek täze kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belleýär. Şeýle hem milli Liderimiz geljekde-de jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýeti, senagat pudaklaryny, ylmy, bilimi we medeniýeti ösdürmek bilen bagly meseleleriň çözülmelidigini aýratyn nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!». Diýmek, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bolan 2021-nji ýylda Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň bütin dünýä ýaň saljak 30 ýyllyk dabaralary, geçen ýyl halkara derejesinde giňden bellenilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk dabaralarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, bu iki senäniň taryhy wakalary biri-biri bilen ajaýyp sazlaşyp, Ýer ýüzüne ýaýylar.

Perhat ATANEPESOW,
Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.