"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täzelikler

Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynyň zähmet adamlary mele-myssyk çöregiň ilatyň saçagynda bol bolmagyny gazanýarlar. Kärhananyň önümleriniň hili ilatyň göwnünden turýar. Kärhanada şu ýylyň başyndan bäri meýilleşdirilen 1 million 324 müň manatlygyň ýerine 2 million 266 müň manatlyk çörek we çörek önümleri öndürildi. Çörekleriň «Ruhubelent», «Altyn däne», «Höwesli» diýlip atlandyrylan görnüşleri uly islege eýe bolýar. Kärhananyň önümleri goňşy Halaç, Köýtendag etraplarynyň ilatyna hem iberilýär.

Ynsanperwer diplomatiýa — dünýäniň ýagty ertiri

Ýodalar ýollara, ýollar bolsa menzillere birigýär. Taryhy bir kökden gaýdýan türkmen we türk halklary tarapyndan gurlan Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak döwründe bu hakykata hemişe şaýat bolduk. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen dostlukly döwlete amala aşyran iş sapary iki dogan halkyň, iki hyzmatdaş döwletiň bilelikdäki taryhynyň täze sahypasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwlete amala aşyran iş saparyny duşuşyklary geçirmekden başlady. Şunda eziz Arkadagymyzyň ilki bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşandygy aýratyn bellärliklidir. Milli Liderimiz ýakynda 70 ýaşyny dolduran türk döwletiniň Ýolbaşçysyna türkmen içmegini sowgat etdi. Geçirilen gepleşiklerde bolsa Türkmenistan ― Türkiýe hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady ösüşiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýip belleýşi ýaly, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna daýanylyp, ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýokary tehnologiýalara, nazary ylymlara esaslanýan innowasion ösüşli ykdysadyýetiň döredilmegi döwletimiziň berkararlygynyň, döwrümiziň bagtyýarlygynyň aýdyň güwäsidir. Ykdysadyýetiň pudaklarynda, esasan-da, elektron enjamlaryň önümçiliginde, awiasiýada we kosmonawtikada, mikro we nanotehnologiýalarda, maglumat tehnologiýalarynda düýpli açyşlaryň edilmegi ylmy önümçiligiň çäginiň giňeldilmegine oňaýly täsir edýär. Netijede, ylmy-tehniki ösüş umumy ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga, onuň durnuklylygyny gazanmaga mümkinçilik berýär.

Mertlik mekdebiniň mertebesi

Bu bagtyýar zamanyň her güni, her pursady ýaşanyňa, ýaşalanyna juda degýär. Toýlary toýlara ulaşyp gelýän bu ýyllaryň tarypy belent. Çünki biziň Diýarymyz — arzuwlaryň hasyl bolýan, maksatlaryň myradyna gowuşýan, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlary ýörelge edinip, ynsan sarpasynyň belentde tutulýan ýurdy. Şonuň üçin-de bu döwleti kümüş saçly enelerden, ýaşuly gojalardan başlap, tä çagalar bagyna gatnaýan körpelere çenli jan-dilden söýüp, sarpalaýarlar. Bu babatda topragyny gözüniň göreji ýaly goramakda hormatly Belent Serkerdebaşymyzdan görelde alýan Watan goragçylarynyň söýgüsi, yhlasy aýratyn bellenmäge mynasyp. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Mynasyp terbiýe alyp, çuňňur mähir-söýgä eýlenen ýaşlar kalby päk, aň-düşünjesi kämil, halkyna wepaly, ata Watanyny jandan söýýän ynsanlar bolup ýetişýärler. Şeýle ýaşlaryň aglabasynyň Watan goragçysy bolmagy maksat edinýändikleriniň we şol maksatlarynyň amal bolmagy üçin zehin-yhlaslaryny gaýgyrmaýandyklarynyň aňyrsynda hem Watany jan-dilden söýüp hem gorap, ony bagtyýarlyga besläp, ýagty geljege sary äkitmek arzuwy bardyr. Ýaşlaryň bu arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin döwletimiz tarapyndan hemme şertler döredilendir». Hawa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän şeýle beýik ynamy hem howpsuzlygyň, parahatçylygyň we asudalygyň bäh

Röwşen geljege gönükdirilen tutumlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipelere bagyşlanyp, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksat- namalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan ajaýyp üstünlikleri nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşynda soňky on bäş ýylyň dowamynda dürli ugurlar babatda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri barada anyk ykdysady görkezijilere salgylanmagy şeýle buýsançly hakykatyň dabaralanmasy boldy. Şol anyk durmuş-ykdysady görkezijiler ata Watanymyzyň gurmak, döretmek ýoly bilen nurana geljegine tarap ynamly öňe barýandygynyň subutnamasydyr. Şeýle-de çykyş edenler «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde kesgitlenen anyk wezipeleriň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, sebitleriň mundan beýläk-de gülläp ösüşini ü

Maksatly menziller bagta atarýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine berk eýerip, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynda, kabul edýän oýlanyşykly Milli we Prezident Maksatnamalarynda ata Watanymyzyň durnukly ösüşini gazanmak baş maksat bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýaly asylly ýörelgelerine eýerilip kabul edilýän uzak möhletleýin maksatnamalar baky berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem bu Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylmaly işler seljerildi. Milli Lider

Göwünleri galkyndyrýan ajap zamana

Durmuşymyzyň günsaýyn gözelleşip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ähi ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň netijesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bu üstünlikleri has-da berkidip, röwşen geljege ynamly barýar. Täze taryhy döwürde jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler sazlaşykly ösüşleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Halk bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik başlangyçlara badalga berlip, has uly sepgitler nazarlanýar. Döwletimizi mundan beýlägem gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň kabul edilmegi, ähli pudaklaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi halkymyzyň nurana geljegine gönükdirilen beýik ösüşleriň badalgasyna öwrülýär. Şol ösüşler bolsa halkymyzyň eşretli durmuşa eýediginiň güwänamasydyr.

(Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan).

Men mähriban käbämiň öňünde özümiň perzentlik borjumyň has uludygyny duýýaryn. Çünki öz il-halkymyň ykbalyna nur çaýýan işleri durmuşa geçirmäge güýçli ymtylyşymyň we yhlasymyň özeninde käbämiň ynamynyň ilkinji orny eýeleýändigine ynanýaryn. Biz eneleriň arzuwynyň geljegiň abadanlygydygy barada hemişe aýdýarys. Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr diýilýär. Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene — dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi. Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri — beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler. Bu heňňamlar aýlanyp, ýaradylyşa mahsus üýtgewsiz kada diýilse, dogrudyr. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Adam ogly nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsyn, ol özüni dünýä inderen, jigerinden jan beren ynsanyň öňünde indi kemala gelmeli, hemişe goralmaly çaga mysalydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir. Şu ýerde Aleksandr Makedonskiniň enesi hakyndaky gürrüňleriň biri ýadyma düşýär. Antipatr Aleksandr Makedonskiniň kakasy Filipp II-niň egindeşi we ol meşhur serkerde bolupdyr. Şol hem bir ge

Bagta ýardyr, bagtyýardyr zenanlar

Bahar — baýramlara baý pasyl. Baharyň gelmegi bilen, kümüş saçly enelerimiziň, baýdak ýaly gelinlerimiziň, bägül ýaly owadan gyzlarymyzyň baýramy bolan Halkara zenanlar güni eziz Diýarymyzda il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda uly şatlyk-şowhun, dabara bilen bellenilýär. Bu baýramyň döwlet derejesinde bellenip, uludan tutulmagy bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde zenanlara goýulýan hormatyň, sarpanyň örän ýokarydygynyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlarymyza goýulýan sarpa has belent derejelere ýetirildi. Ony biz döwletimizde zenanlaryň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin gündelik amala aşyrylýan işleriň mysalynda hem görýäris. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, saglygyny goramak, olaryň abadan, bolelin durmuşyny üpjün etmek barada birnäçe kanunlardyr kararlar kabul edildi. Bu bolsa biziň döwletimiziň hukuk, dünýewi, demokratik döwletdigini görkezýän esaslaryň biridir. Ýaş çagaly enelere kömek pullarynyň berilmegi, hormatly dynç alyşdaky ene-mamalarymyzyň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, şeýle hem olara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň berilmegi, giň gerimli özgertmeleri, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde we jemgyýetçilik durmuşynda gaz

Dünýäniň durky, durmuşyň görki

8-nji mart — Halkara zenanlar güni Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda nygtaýşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda Halkara zenanlar güni bellenilende, türkmenistanlylar özleriniň mähriban enelerini, ejelerini, uýalaryny, wepaly ýanýoldaşlaryny bu baýram bilen ýürekden gutlaýarlar. Şonuň üçinem bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň bagtyýar zenanlary has-da üýtgeşik, ýakymly duýgulary başdan geçirýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar eneleri, gelinleri, gyzlary bolmak bagty bolsa şol ajaýyp duýgularyň özenini düzýär.

Goşgy

Ýenede ýanyňa geldim men, eje! Gidip senden uzak ýere, daşlaşyp,Ýenede ýanyňa geldim men, eje!Ýagşy dileg bilen galdyň hoşlaşyp,Ýenede ýanyňa geldim men, eje!

Bu baýram äleme bir ajap serpaý

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp at dakylan ýylymyzda ýurdumyza bahar geldi. Ol özi bilen Halkara zenanlar gününi hem alyp geldi. Mekdepde okuwçy gyzlarymyň ýüzündäki şatlygy, olaryň birek-biregi mähirli gutlaýyşlaryny görenimde, özümiň eziz synpdaşlarym ýadyma düşýär. Biz hem şol gün — her ýylyň 8-nji martynda obada birek-biregiň öýlerine baryp gutlardyk. Bir gezek synpdaş joralarymyň biriniň öýüne baranymda, olara gezelenje gelen garyndaşlarynyň gyzy daşarda keşde çekip oturan ekeni. Şol wagt Günem özüniň nuruny şeýle bir bolluk bilen eçilýärdi welin, onuň keşdesiniň nagyşlarynyň lowurdaýşy, owadanlygy henizem göz öňümde dur. Bu, megerem, zenanlaryň baýramyna tebigatyň eçilen sowgady bolsa gerek.

Eneler — ojagyň bahar-ýazlary

Halkara zenanlar güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat häkimliginiň, welaýat zenanlar guramasynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen aýdym-sazly dabara «Pyragy wasp edýär gelin-gyzlary, eneler ojagyň bahar-ýazlary» diýlip atlandyryldy. Oňa kümüş saçly eneler, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, gelin-gyzlar gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň dowamynda çykyş edenler bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenip geçilýän Halkara zenanlar güni bilen bu ýere ýygnanan eneleri, gelin-gyzlary tüýs ýürekden gutladylar. Zenanlaryň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmekde ähli şertleri döredip berýän, maşgala abadançylygy we nesil bagtyýarlygy barada bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Belent buýsanja beslendi

Täze taryhy eýýamyň nurana ýolundan ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan berkarar Diýarymyzyň çar künjünde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk çäreleri biri-birine ulaşýar. Bu baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, pul sowgatlaryny gowşurmak boýunça geçirilen dabaralar şol çäreleriň möhüm bölegine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk sowgadynyň eçilen şatlygy bilim-terbiýe ojaklaryny, edara-kärhanalary, her bir maşgalany gurşap aldy.

Mübärek aýyň sahawaty

Egsilmez sahawaty bilen her bir adamyň kalbyny päkläp, ýagşy umytlara atarýan, musulman dünýäsiniň mukaddes aýy bolan Oraza aýy ýetip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde abadan ýaşaýşyň hözirini görýän il-ulsumyz bu aýy ruhubelentlikde garşy alýar. Oraza aýy ynsanlary dost-doganlyk, rehim-şepagatlylyk, hoşniýetlilik duýgularyna besläp, ruhuny tämizleýär. Mukaddes aýda bitirilen her bir nusgalyk iş täze-täze üstünliklere, beýik maksatlara ruhlandyrýar, nurly geljegimiz bolan ýaş nesillerde bolsa ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly asylly duýgulary terbiýeleýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip belleýşi ýaly, Oraza aýy aýratyn haýyr-sahawata, sogap işlere beslenýär, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlarymyz berjaý edilip, agyz beklenýär. Her bir öýde agzaçar sadakalary berilýär, doga-dilegler edilip, haýyr işler rowaçlanýar. Agzaçar mahaly berilýän sadakalar ynsanlary  has-da ýakynlaşdyrýar, birek-birege bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär.

Eşretli ertirimiziň eýeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirmekleri, hemmetaraplaýyn sagdyn, sazlaşykly ösmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, edep-terbiýeli, sowatly bolup ýetişmeklerini gazanmakda çagalar bakja-baglary ilkinji binýat bolup durýar. Biziň çagalar bagymyzda hem irki ýaşdan başlap, döwrebap terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermekde ähli şertler bar. Çagalar bilen alyp barýan bilim-terbiýeçilik işlerimizde milli ýörelgelerimizden ugur alýarys. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky nakyllardyr atalar sözleri körpe nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. ªeýle-de körpeleriň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, olaryň arasynda dürli bäsleşikler, medeni çäreler yzygiderli geçirilip durulýar. Munuň özi çagalaryň gözýetiminiň giňemegine, zehinleriniň açylmagyna ýardam edýär. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmeýär.

Baharyň gül-gunçalary iň eýjejik gyzjagazlar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Eýjejik gyzjagazlar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän şirin aýdymlary ýerine ýetirdiler. Geýen milli lybaslarynyň, dakynan şaý-sepleriniň gözelligini goşgularyň üsti bilen taryp etdiler. Ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Ösüşleriň, rowaçlygyň döwri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy, milli däp-dessurlarymyzyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň döredijilikli baýlaşdyrylmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi ýaly ajaýyp işler amala aşyrylýar. Uly üstünliklere hem-de ösüşlere beslenýän Diýarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlary esasynda gülleýär, gül açýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň işgärleri, işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly zähmete, sporta sarp etmekleri boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Çärelerde ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýetilen belent sepgitler, öňde durýan jogapkärli wezipeler barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Täzelik

Halkara zenanlar güni mynasybetli Saýat etrap merkezi kitaphanasynda «Bahar size meňzeş, eneler!» diýen at bilen söhbetdeşlik geçirildi. Welaýat kitaphanasynyň hem-de Saýat etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guran çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, mährem eneler, kitaphanaçylar, bilim işgärleri we orta mekdepleriň okuwçy gyzlary gatnaşdylar. Onda çykyş edenler güneşli Diýarymyzda zenan mertebesiniň belent tutulýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Şonuň ýaly-da olar durmuşymyzyň bezegi bolan aýal-gyzlaryň hem özleri barada edilýän aladalara jogap edip, okuwda, zähmetde uly üstünlikleri gazanýandyklaryny, ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşlerine önjeýli goşant goşýandyklaryny nygtadylar. Söhbetdeşlikde aýal-gyzlara belent hormat-sarpa goýýandyklary, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döredip berýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Çäre mahalynda okuwçy gyzlar mährem enelerimizi, gyz-gelinlerimizi, tebigat gözelliklerini wasp edýän goşgulary labyzly okadylar.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ HALKYŇ KÖŇÜL GÖZÜSINDÄKI KEŞBI

Türkmeniň akyldar şahyrynyň keşbini döretmeklik öz döwründe suratkeşleriň öňünde has çylşyrymly hem kyn meseleleriň birini ör boýuna galdyrdy. Şahyryň ilkinji gezek döredilmeli keşbini halkyň hakydasynda ýaşaýan keşbi bilen kybap getirmek suratkeşlerden uly ussatlygy talap edýärdi. Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmeklige çynlakaý çemeleşmeler, ýagny suratkeş Ruwim Mazeliň döreden kitap bezegindäki kiçi göwrümli eserinden ýigrimi ýyl çemesi geçeninden soň, şahyryň doglan gününiň 225 ýyllyk şanly senesi bilen baglanyşykly ýüze çykyp ugrady. 1960-njy ýyllarda Türkmenistanyň suratkeşler birleşmesinde bolan bir maslahatda suratkeş zenan Ýewgeniýa Adamowanyň çykyşynda: «Ýer titremesinden öňki döwürde partiýa öýüniň öňünde duran «Türkmen ýaşulusy» we «Türkmen zenan» (Ýelizaweta Tripolskaýa, 1928, beton) keşbini düzýän iki sany heýkel köpleriň ýadynda bolsa gerek?! Magtymgulynyň keşbiniň heniz döredilmedik döwürleri ony şahyryň heýkeli hasaplapdyrlar» diýip nygtalýar. (Häzirki wagtda bu heýkeller Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň howlusynda saklanýar). Türkmen heýkeltaraşlyk sungatynda döredilen ilkinji eserleriň hataryna girýän bu heýkeli içgin synlasaň, dogrudan hem,  akyldar şahyryň keşbi duýulýar. Emma «Türkmen ýaşulusy» atly esere Magtymguly Pyragynyň heýkeli diýmek bolmaýar. Zenan heýkeltaraş Ý.Tripolskaýanyň XX asyryň başynda Türkmenistana gelip döreden heýkel