Mertlik mekdebiniň mertebesi

6 Mart 2024
314

Bu bagtyýar zamanyň her güni, her pursady ýaşanyňa, ýaşalanyna juda degýär. Toýlary toýlara ulaşyp gelýän bu ýyllaryň tarypy belent. Çünki biziň Diýarymyz — arzuwlaryň hasyl bolýan, maksatlaryň myradyna gowuşýan, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlary ýörelge edinip, ynsan sarpasynyň belentde tutulýan ýurdy. Şonuň üçin-de bu döwleti kümüş saçly enelerden, ýaşuly gojalardan başlap, tä çagalar bagyna gatnaýan körpelere çenli jan-dilden söýüp, sarpalaýarlar. Bu babatda topragyny gözüniň göreji ýaly goramakda hormatly Belent Serkerdebaşymyzdan görelde alýan Watan goragçylarynyň söýgüsi, yhlasy aýratyn bellenmäge mynasyp.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Mynasyp terbiýe alyp, çuňňur mähir-söýgä eýlenen ýaşlar kalby päk, aň-düşünjesi kämil, halkyna wepaly, ata Watanyny jandan söýýän ynsanlar bolup ýetişýärler. Şeýle ýaşlaryň aglabasynyň Watan goragçysy bolmagy maksat edinýändikleriniň we şol maksatlarynyň amal bolmagy üçin zehin-yhlaslaryny gaýgyrmaýandyklarynyň aňyrsynda hem Watany jan-dilden söýüp hem gorap, ony bagtyýarlyga besläp, ýagty geljege sary äkitmek arzuwy bardyr. Ýaşlaryň bu arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin döwletimiz tarapyndan hemme şertler döredilendir». Hawa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän şeýle beýik ynamy hem howpsuzlygyň, parahatçylygyň we asudalygyň bähbidine gulluk edýän, pederlerimizden miras galan watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik we dost-doganlyk ýaly asylly ýol-ýörelgelerimizi harby däpler bilen utgaşdyryp, halal zähmet çekýän Watan goragçylarymyzyň kärine bolan söýgüsini artdyrýar. Olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýörite habarçymyz.