Eşretli ertirimiziň eýeleri

6 Mart 2024
309

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirmekleri, hemmetaraplaýyn sagdyn, sazlaşykly ösmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, edep-terbiýeli, sowatly bolup ýetişmeklerini gazanmakda çagalar bakja-baglary ilkinji binýat bolup durýar.

Biziň çagalar bagymyzda hem irki ýaşdan başlap, döwrebap terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermekde ähli şertler bar. Çagalar bilen alyp barýan bilim-terbiýeçilik işlerimizde milli ýörelgelerimizden ugur alýarys. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky nakyllardyr atalar sözleri körpe nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. ªeýle-de körpeleriň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, olaryň arasynda dürli bäsleşikler, medeni çäreler yzygiderli geçirilip durulýar. Munuň özi çagalaryň gözýetiminiň giňemegine, zehinleriniň açylmagyna ýardam edýär. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmeýär.

Gülnar Arçaweliýewa,
Balkanabat şäherindäki 25-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.