Bu baýram äleme bir ajap serpaý

6 Mart 2024
279

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp at dakylan ýylymyzda ýurdumyza bahar geldi. Ol özi bilen Halkara zenanlar gününi hem alyp geldi.

Mekdepde okuwçy gyzlarymyň ýüzündäki şatlygy, olaryň birek-biregi mähirli gutlaýyşlaryny görenimde, özümiň eziz synpdaşlarym ýadyma düşýär. Biz hem şol gün — her ýylyň 8-nji martynda obada birek-biregiň öýlerine baryp gutlardyk. Bir gezek synpdaş joralarymyň biriniň öýüne baranymda, olara gezelenje gelen garyndaşlarynyň gyzy daşarda keşde çekip oturan ekeni. Şol wagt Günem özüniň nuruny şeýle bir bolluk bilen eçilýärdi welin, onuň keşdesiniň nagyşlarynyň lowurdaýşy, owadanlygy henizem göz öňümde dur. Bu, megerem, zenanlaryň baýramyna tebigatyň eçilen sowgady bolsa gerek.

Täzegül Japarowa,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.