Maksatly menziller bagta atarýar

6 Mart 2024
287

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine berk eýerip, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynda, kabul edýän oýlanyşykly Milli we Prezident Maksatnamalarynda ata Watanymyzyň durnukly ösüşini gazanmak baş maksat bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýaly asylly ýörelgelerine eýerilip kabul edilýän uzak möhletleýin maksatnamalar baky berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem bu Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylmaly işler seljerildi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda 2024-nji ýyl üçin ykdysady Maksatnamada öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada belläp geçdi. Olar ykdysady, senagat, önümçilik häsiýetli, söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, durmuş häsiýetli maksatlar, öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek ýaly ähli ugurlardaky ösüşleri nazarlaýar.

Toýmämmet Rejebow,
«Balkan».