Ösüşleriň, rowaçlygyň döwri

6 Mart 2024
412

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy, milli däp-dessurlarymyzyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň döredijilikli baýlaşdyrylmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi ýaly ajaýyp işler amala aşyrylýar. Uly üstünliklere hem-de ösüşlere beslenýän Diýarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlary esasynda gülleýär, gül açýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň işgärleri, işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly zähmete, sporta sarp etmekleri boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Çärelerde ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýetilen belent sepgitler, öňde durýan jogapkärli wezipeler barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Serdar Annamämmedow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülikleýin işleri bölüminiň esasy hünärmeni.