Ykdysady ösüşiň binýady

6 Mart 2024
418

Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýip belleýşi ýaly, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna daýanylyp, ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Ýokary tehnologiýalara, nazary ylymlara esaslanýan innowasion ösüşli ykdysadyýetiň döredilmegi döwletimiziň berkararlygynyň, döwrümiziň bagtyýarlygynyň aýdyň güwäsidir. Ykdysadyýetiň pudaklarynda, esasan-da, elektron enjamlaryň önümçiliginde, awiasiýada we kosmonawtikada, mikro we nanotehnologiýalarda, maglumat tehnologiýalarynda düýpli açyşlaryň edilmegi ylmy önümçiligiň çäginiň giňeldilmegine oňaýly täsir edýär. Netijede, ylmy-tehniki ösüş umumy ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga, onuň durnuklylygyny gazanmaga mümkinçilik berýär.

Gapurjan GEDAÝDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmen-derňewçisi.