Göwünleri galkyndyrýan ajap zamana

6 Mart 2024
387

Durmuşymyzyň günsaýyn gözelleşip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ähi ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň netijesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bu üstünlikleri has-da berkidip, röwşen geljege ynamly barýar.

Täze taryhy döwürde jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler sazlaşykly ösüşleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Halk bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik başlangyçlara badalga berlip, has uly sepgitler nazarlanýar. Döwletimizi mundan beýlägem gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň kabul edilmegi, ähli pudaklaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi halkymyzyň nurana geljegine gönükdirilen beýik ösüşleriň badalgasyna öwrülýär. Şol ösüşler bolsa halkymyzyň eşretli durmuşa eýediginiň güwänamasydyr.

Badamgül Durdyýewa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.