Ynsanperwer diplomatiýa — dünýäniň ýagty ertiri

6 Mart 2024
351

Ýodalar ýollara, ýollar bolsa menzillere birigýär. Taryhy bir kökden gaýdýan türkmen we türk halklary tarapyndan gurlan Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak döwründe bu hakykata hemişe şaýat bolduk. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen dostlukly döwlete amala aşyran iş sapary iki dogan halkyň, iki hyzmatdaş döwletiň bilelikdäki taryhynyň täze sahypasyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwlete amala aşyran iş saparyny duşuşyklary geçirmekden başlady. Şunda eziz Arkadagymyzyň ilki bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşandygy aýratyn bellärliklidir. Milli Liderimiz ýakynda 70 ýaşyny dolduran türk döwletiniň Ýolbaşçysyna türkmen içmegini sowgat etdi. Geçirilen gepleşiklerde bolsa Türkmenistan ― Türkiýe hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen gündogary