Mübärek aýyň sahawaty

6 Mart 2024
304

Egsilmez sahawaty bilen her bir adamyň kalbyny päkläp, ýagşy umytlara atarýan, musulman dünýäsiniň mukaddes aýy bolan Oraza aýy ýetip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde abadan ýaşaýşyň hözirini görýän il-ulsumyz bu aýy ruhubelentlikde garşy alýar. Oraza aýy ynsanlary dost-doganlyk, rehim-şepagatlylyk, hoşniýetlilik duýgularyna besläp, ruhuny tämizleýär. Mukaddes aýda bitirilen her bir nusgalyk iş täze-täze üstünliklere, beýik maksatlara ruhlandyrýar, nurly geljegimiz bolan ýaş nesillerde bolsa ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly asylly duýgulary terbiýeleýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip belleýşi ýaly, Oraza aýy aýratyn haýyr-sahawata, sogap işlere beslenýär, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlarymyz berjaý edilip, agyz beklenýär. Her bir öýde agzaçar sadakalary berilýär, doga-dilegler edilip, haýyr işler rowaçlanýar. Agzaçar mahaly berilýän sadakalar ynsanlary  has-da ýakynlaşdyrýar, birek-birege bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär.

Akbäbek Satlykowa,
«Balkan».