(Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan).

6 Mart 2024
374

Men mähriban käbämiň öňünde özümiň perzentlik borjumyň has uludygyny duýýaryn. Çünki öz il-halkymyň ykbalyna nur çaýýan işleri durmuşa geçirmäge güýçli ymtylyşymyň we yhlasymyň özeninde käbämiň ynamynyň ilkinji orny eýeleýändigine ynanýaryn. Biz eneleriň arzuwynyň geljegiň abadanlygydygy barada hemişe aýdýarys. Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr diýilýär. Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene — dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi. Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri — beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler. Bu heňňamlar aýlanyp, ýaradylyşa mahsus üýtgewsiz kada diýilse, dogrudyr. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Adam ogly nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsyn, ol özüni dünýä inderen, jigerinden jan beren ynsanyň öňünde indi kemala gelmeli, hemişe goralmaly çaga mysalydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir.

Şu ýerde Aleksandr Makedonskiniň enesi hakyndaky gürrüňleriň biri ýadyma düşýär. Antipatr Aleksandr Makedonskiniň kakasy Filipp II-niň egindeşi we ol meşhur serkerde bolupdyr. Şol hem bir gezek Aleksandra onuň ejesi Olimpiada hakynda göwne näjaý sözleri aýdyp, oňa şeýle mazmunly haty hem gowşurýar. Aleksandr şonda: «Antipatr enäniň gözýaşynyň şular ýaly hatlaryň müňüsini ýok edip biljekdigine düşünmeýärmikä?» diýipdir.